- daş
- 1Uzak aralykda bolan, uzak aralykda ýerleşen, alys, uzak.∙ Kime hat ýazyp otyrsyň, daş ýeremi ýa-da ýakynamy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn. (Nakyl)21) Bir zadyň daşky tarapy, daş-töweregi, düzüw ýüzi.∙ Käsesindäki çaýy çäýnegine guýjak bolanda, daşyna dökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Daşy jäjek, içi möjek. (Nakyl)∙ Çelegiň daşy hapalanypdyr.2) seret daşary 1∙ Daş çykyp içeri giren badyna: -- Baý-baý, howa ýaman sowapdyr -- diýdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)3) Göçme manyda Has, örän, iňňän.∙ Bu mata ondan daş gowy.4) Kömekçi söz rolunda:.∙ Olaryň öýi şäheriň daşynda ýerleşýär.◊ daşynda aýlanmak — Birine gowy hyzmat etmek, ýaranjaňlyk etmek.3[da:ş]1) Tokga ýa-da tutuş massadan ybarat, suwda pytramaýan, süýnmeýän gaty dag jynsy.∙ Dag görki -- daş, ýüz görki -- gaş, agyz görki -- diş. (Nakyl)2) Şol hili dag jynsynyň bir tokgasy.◊ çalgy daş — Pyçak we ş. m. ýiteltmek üçin çalynýan daş.◊ daş ýürek — seret ýürek 1◊ gök daş bolmak — Gaty üşemek, aglamak, we ş. m. sebäpli reňkiň üýtgemek, ýüzüň gögermek.∙ Gök daş bolan Myrat bir ýan ýykyldy, Çala eşidildi ondan hyrkyldy. (M. Seýidow, Gijeki Myhman)◊ paltaň daşa degmek — seret palta∙ Paltam daşa degdi, çykmady tamam. («Tokmak» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.